Wednesday, 01 October, 2025г.
russian english deutsch french spanish portuguese czech greek georgian chinese japanese korean indonesian turkish thai uzbek

пример: покупка автомобиля в Запорожье

 

DERTLERİN EN KÖTÜSÜ YAŞLILIKTIR DOSTLAR...

DERTLERİN EN KÖTÜSÜ YAŞLILIKTIR DOSTLAR...У вашего броузера проблема в совместимости с HTML5
Ýigitligiň zory gitdi bilimden, Dert ýamany garrylykdyr, ýaranlar! Alajy ýok onuň gaýry ölümden, Dert ýamany garrylykdyr, ýaranlar! Hastalar gutular, garry gutulmaz, Bu ýerde hiç kimden çäre ýetilmez, Köňül guşy uçar gider tutulmaz, Dert ýamany garrylykdyr, ýaranlar! Hiç tagam iýmäge dişleri batmaz, Ogul-gyz sözüne hiç gulak asmaz, Uzakdan gözlese gözleri kesmez, Dert ýamany garrylykdyr, ýaranlar! Ýetmişiň öýüne girende ýaşy, Yranyp bir ýerde durmandyr başy, Çörek çeýnäbilmez, talkandyr aşy, Dert ýamany garrylykdyr, ýaranlar! Diýseň söz eşitmez, gulak ker bolar, Ol turup-turmagy derdeser bolar. Süýekleri syzlap derbeder bolar, Dert ýamany garrylykdyr, ýaranlar! Agzyny gözleseň bir dişi bolmaz, Düşek-ýassyk bile hiç işi bolmaz, Ýanynda gadyrdan deň-duşy bolmaz, Dert ýamany garrylykdyr, ýaranlar! Galan-gaçan bolsa öňüne biýrler, Yssy-ýyly bolmaz "şony iý" diýrler, Her kime söz ursa "gepleme" diýrler, Dert ýamany garrylykdyr, ýaranlar! Tende kuwwat galmaz, ýüzüňde görküň, Olturup-turmaga ýetişmez erkiň, Aş içip bolmaz, soňra üregiň, Dert ýamany garrylykdyr, ýaranlar! Ogul-gyz, geline ýigrenji bolar, Olar bile mydam gör genji bolar, Ýyrtyk-irik düşek örtünji bolar, Dert ýamany garrylykdyr, ýaranlar! Gitdi tamam gadyr bilen deň-duşuň, Indi saglyk ötdi, dertdir ýoldaşyň, Bardykça ýyl-ýyldan möwj urar gyşyň, Dert ýamany garrylykdyr, ýaranlar! Haly ten bolar, her niçik tä'ne, Ýigrentgi söz gaýtar, dönüp her ýana, Hemme söz bir ýana, bu söz bir ýana, Dert ýamany garrylykdyr, ýaranlar! Magtymguly, dostlar, garryman beter, Ýetmişiň-segseniň arasy ýeter, Özi bilmez nadan ýöwilap öter, Dert ýamany garrylykdyr, ýaranlar!
Мой аккаунт